DÜNÝÄ

Belarus Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatylarynyň nusgalaryny gowşurdy

2025-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Belarus Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Stanislaw Çepurnoýyň arasynda duşuşyk geçirildi. Ilçi özüniň ynanç hatylarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Ministr Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýändigi bellenildi.

Iki ýurduň sebitleýin we halkara düzümleriň çäklerindäki gatnaşyklaryna aýratyn üns berildi. Hususan-da, taraplar BMG-niň çäginde başlangyçlary özara goldamagy dowam etmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Gyrgyzystan bilen Seýşel adalary wiza düzgünini ýatyrýan ylalaşyga gol çekdiler

Italiýanyň Premýer-ministriniň Azerbaýjana sapary

BMG-niň Türkmenistandaky wekili Azerbaýjana bellendi

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy