DÜNÝÄ

Ogulgerek Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen hormatly at dakyldy

Tutuş ýurdumyzda maý aýynyň soňky ýekşenbesi Türkmen halysynyň baýramy bellenýär.

Bu baýramçylygyň esasy maksady, türkmenleriň haly dokamak däplerini dikeltmek, gorap saklamak we döredijilikli ösdürmek. Däp bolşy ýaly, bu baýramçylykda milli haly dokamak sungatyny wagyz etmek we bu pudaga täze nesli çekmek üçin köp çäreler geçirilýär.

Şeýle hem bu baýramçylygyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň halyçy zenanlaryna hormatly atlar dakyldy.

Ine, şu şanly baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary bilen ussat halyçy Ogulgerek Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen hormatly at dakyldy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Ogulgerek Berdimuhamedowa uzak ýyllaryň dowamynda Ahal welaýatynyň Gökdepe şäheriniň haly kärhanasynda birkemsiz zähmet çekip, halyçylyk sungatynyň inçe tilsimlerini iş tejribesinde ulanyp, nusgawy gölli we suratly halylary dokamakda ussatlygyny görkezdi we ýaşlara görüm-görelde görkezdi.

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Daşoguza ilkinji sapary

Ýene-de okaň

«Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» birinji sammitine taýýarlyk mejlisi geçirildi

Malaýziýanyň Premýer-ministri Tatarystandan ozal Özbegistana bardy

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen halkara maslahata gatnaşdy

Gazagystanyň Prezidenti ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy

Türkmenistan ÝB we Merkezi Aziýanyň Owganystan boýunça duşuşygyna gatnaşdy

Şawkat Mirziýoýew Donald Trampy Özbegistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy