Paýtagtymyz Aşgabatdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Azerbaýjan Respublikasynyň milli baýramy – Garaşsyzlyk güni hem-de Azerbaýjan Demokratik Respublikasynyň 105 ýyllygy mynasybetli kabul edişlik çäresi guraldy. Oňa ýurdumyzyň hökümet agzalary, diplomatlar we köp sanly myhmanlar gatnaşdy.
“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem çagyrylan kabul edişlik çaresi Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guraldy. Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hasan Sultan ogly Zeýnalow myhmanhananyň dabaralar geçirilýän zalynda myhmanlary garşy aldy. Ilçi we dabara gatnaşyjy myhmanlar iki ýurduň döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.
Soňra dabaranyň çäklerinde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hasan Sultan ogly Zeýnalow hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew çykyş etdiler.

Azerbaýjanyň ilçisi öz çykyşynda Azerbaýjanyň garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri barada gürrüň edip, häzirki wagtda Azerbaýjanyň köp sanly iri halkara enegretika we ulag taslamalarynyň işjeň agzasy bolup durýandygyny belledi. Ilçi hususan-da, Azerbaýjanyň Günorta gaz geçelgesi, Baku-Tbilisi-Jeýhan nebit geçirijsi ýaly energetika taslamalarynyň, şeýle hem Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ulag taslamalarynyň işjeň agzasydygyny belledi.
Ilçi Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada durup geçip, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýedigini belledi. Geçen 11 aýyň dowamynda iki ýurduň arasynda döwlet Baştutanlary we parlament derejesinde 5 özara saparlaryň gurnalandygyny, şeýle hem hökümet agzalary derejesinde hem köp sanly saparlaryň gurnalyp, hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilendigini mälim etdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew bolsa öz çykyşynda Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan wagtyndan bäri geçen 30 ýylyň içinde hyzmatdaşlygyň baý tejribesiniň toplanandygyny belledi.
Iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk yzygiderli ösýär. Munuň şeýledigini, özara söwda dolanyşygynyň, 2022-nji ýylda, 5 esseden gowrak, şu ýylyň başyndan bäri bolsa, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2 essä golaý ýokarlanmagy aýdyň görkezýär, diýip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary öz çykyşynda belläp geçdi.
Resmi çykyşlar tamamlanandan soňra myhmanlara hödür-kerem edildi.
