DÜNÝÄ

“Açyk gapylar” gününe çagyryş

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty 2019-njy ýylyň 27-nji aprelinde we 11-nji maýynda sagat 15.00-da 2019 — 2020-nji okuw ýylynda okuwa girmek isleýän ýaşlar bilen «Açyk gapylar» gününi geçirýär.

Hormatly Prezidentimiziň milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatda durmuşa ornaşdyrýan düýpli özgertmeleri, Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, institutda alnyp barylýan işler, şeýle hem taýýarlyk ugurlary, olara degişli hünärler, alnyp barylýan okuw-usuly, ylmy-barlag, terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, ýaşamak, medeniýetli dynç almak, sport bilen meşgullanmak üçin döredilen şertler barada «Açyk gapylar» gününde ýaşlara giňişleýin maglumat berler. «Açyk gapylar» güni Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda geçirilýär.

Salgysy: Türkmenabat şäheri, Şabende köçesiniň 7-nji jaýy. Telefonlary­: 3-04-21; 3-67-02; 3-25-44.

 

Related posts

Türkmenistan bilen Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen-koreý işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlisi

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýa-Hytaý ulag ministrleriň duşuşygy geçirildi