DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Aşgabada iş sapary bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň baştutanlygyndaky wekilýeti bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ykdysady hyzmatdaşlygyň ugurlary barada özara gürrüňdeşlik etmek bilen, onuň ulgamlaýyn esasda şeýle hem, yzygiderli ösüşlere eýe bolýandygyny bellediler. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň energetika ugry boýunça ösdürilmeginiň ähmiýeti, halkara bazaryna energiýa üpjünçiligini diwersifikasiýalaşdyrmak aýratyn bellenildi.

2021-nji ýylyň ýanwaryndaky Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek ugrunda iki ýurduň Hökümetleriniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň gol çekilmegi türkmen-azerbaýjan energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny möhüm wakasy boldy. Munuň bilen baglanyşykly, türkmen tarapy energetikanyň birnäçe ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn geňeşmeleriniň işiniň dowam etdirilmegine taýýardygyny belläp geçdi.

Gepleşigiň dowamynda bar bolan mümkinçilikleriň hasabyna ikitaraplaýyn özara hereketleriň dowam etdirilmegine taýýarlygy barada aýdylyp geçildi.

 

Türkmenistan BSG-niň doly hukukly agzasy bolmakçy

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda boldy

Türkmenistan bilen Pakistan uçar gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Azerbaýjan Bütindünýä daşky gurşaw gününe taýýarlanýar