JEMGYÝET

“Ata Watan Media” topary BMG-niň Awaza forumyny gyzgyny bilen okyjylara ýetirdi

Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty öz işini üstünlikli tamamlady. Bu foruma “Ata Watan Media” topary hem gatnaşdy.

“Ata Watan Media” topary hökmünde bu forumyň geçirilýän esasy plenar mejlislerine hem-de olaryň çäklerinde geçirilen ugurdaş çärelerine işjeň gatnaşyp, bu çäreler bilen baglanyşykly habarlary gyzgyny bilen okyjylar köpçüligine ýetirdi. Forumyň çäklerinde ilki bilen habarlarymyz türkmen dilinde, soňra rus, iňlis hem-de türk dillerinde “https://atavatan-turkmenistan.com” saýtymyza ýerleşdirip, giň okyjylar köpçüliginiň forumyň çärelerinden habarly bolmagy üçin tagalla etdik.

Şeýle hem häzirki tehnologiýanyň giňden ösen döwründe “sosial media” hökmünde jemgyýetçilik torlarymyzda hem forum bilen baglanyşykly habarlary, fotosuratlary hem-de wideoşekilleri giňden ýaýratdyk.

Mundan başga-da, “Ata Watan Media” topar bolup, emeli intellektiň hyzmatlaryndan ýerlikli peýdalanyp, habarlarymyzy wideo şekilli rus hem-de türk dillerinde giň tomaşaçylar köpçüligine ýetirdik.

Mälim bolşy ýaly, bu giň gerimli iri syýasy, söwda-ykdysady, mednei-ynsanperwer ugurlary özünde jemlän halkara maslahatyň çäklerinde geçirilen forumlaryň hem-de ýokary derejeli “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikleriň netijeleri jemlenip,  Awaza syýasy Jarnamasynyň taslamasyna garaldy we Hereketleriň Awaza maksatnamasy yglan edildi.

 

Ýene-de okaň

Türkiýäniň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistanyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Gazagystanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Malaýziýanyň Premýer-ministri türkmen halkynyň Milli Liderine “Honda” kysymly motoulagy sowgat berdi

Wladimir Zelenskiý türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni bilen gutlady