DÜNÝÄ

Azerbaýjan bilen ABŞ strategik hyzmatdaşlygyny ösdürer

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda saparda boldy. Şol saparyň çäklerinde Prezident Aliýew ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen duşuşdy.

Duşuşygyň jemleri boýunça Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 8-nji awgustda Waşingtonda iki ýurduň hökümetleriniň arasynda strategik hyzmatdaşlyk baradaky Hartiýany taýýarlamak maksady bilen Azerbaýjan bilen ABŞ-nyň arasynda Strategik işçi toparyny döretmek hakynda özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekdiler.

Şeýle hem bu saparyň dowamynda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp hem-de Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň arasynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirilip, onuň netijesi boýunça hem özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekildi.

Related posts

Türkmen Lideri Ahmet Çalığı Kabul etti

vepa

Jekki Çan 65 ýaşda-da batyrgaý

vepa

Serdar Berdimuhamedowyň Sankt-Peterburg şäherine sapary

Ata Watan Eserleri