PEÝDALY MASLAHAT

Aşgabatda täze awtobus ugry işe giriziler

“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ilatymyzyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, 2021-nji ýylyň 22-nji dekabryndan 43-nji “Parahat – Bekrewe” täze açylan ugur boýunça gatnaýan awtobusy Siziň dykgatyňyza ýetirýär.

  • 43-nji “Parahat – Bekrewe” ugur boýunça awtobus “Parahat” belleniş nokadyndan ugraýar, A. Garlyýew köçe – 10 ýyl Abadançylyk köçe – B. Annanow köçe – Oguzhan köçe – N. Andalyp köçe – 10 ýyl Abadançylyk köçe – Bekrewe şosse bilen hereket edip, yzyna Bekrewe şosse – 10 ýyl Abadançylyk köçe – “Älem” medeni dynç alyş merkezi binasyna baryp yzyna –10 ýyl Abadançylyk köçe – N. Andalyp köçe – Oguzhan köçe – B. Annanow köçe – 10 ýyl Abadançylyk köçe – A. Garlyýew köçe bilen hereket edip, “Parahat” belleniş nokadyna gelýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler : 44-33-90, 44-33-91  

 

BSGG 10-njy koronawirus sanjymyny tassyklady

Ýene-de okaň

Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýoly boýunça halkara bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanda 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň temmäki önümlerini ulanmagy üçin ene-atalara jerime salnar

Türkmenistanda möhleti tamamlanan sürüjilik şahadatnamasy üçin jerimeler artdyryldy

«Türkmenpoçta» kompaniýasynyň täze binasy üçin bäsleşik yglan edildi

Aşgabat-Türkmenabat täze awtobus gatnawy ýokary tizlikli awtoýol arkaly amala aşyrylar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy hünärmenleri işe çagyrýar

Ata Watan Eserleri