SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

BSGG 10-njy koronawirus sanjymyny tassyklady

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy koronawirus ýokanjyna garşy öndürilen “Nuwaksowid” (Nuvaxovid)  sanjymyny adatdan daşary ýagdaýlarda ulanmak üçin maslahat berilýän COVID-19 sanjymlarynyň sanawyna goşdy. Bu sanjymy şol bir wagtda Ýewropanyň derman serişdeleri agentligi hem tassyklady.

BSGG-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu sanjym “Novavax” kompaniýasy tarapyndan işlenip düzüldi.

Mundan ozal, BSGG gyssagly ulanmak üçin “Modernа”, “Pfizer”, “Janssen “(Johnson&Johnson), “AstraZeneca”, Hytaýyň “Sinopharm” we “Sinovac”, Hindistanyň “Covaxin” we “Covishield”, şeýle hem “Covovax” sanjymlary tassyklady.

 

2022-nji ýylda “Oskar” baýraklarynyň gysga sanawy yglan edildi

Related posts

Kazandan Türkmenistana gelýän ýolagçylar PSR test tabşyrmaly

Türkmenistanyň habarçylarynyň Türkiýä syýahatçylyk sapary

Ata Watan Eserleri

«Berkarar» söwda we dynç alyş merkezi açyldy