BIZNES

«Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa jähtleri» halkara ylmy maslahaty geçiriler

Türkmenistanda «Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa jähtleri» atly halkara ylmy maslahatyna taýýarlyk işleri başlandy. Maslahaty iýun aýynyň ortalarynda geçirmek meýilleşdirilýär, häzir bolsa forumyň gün tertibi düzülýär hem-de prezentasiýa teklipleri kabul edilýär. Bu barada oilgas.gov.tm internet neşiri habar berýär.

«Häzirki wagtda biz maslahatyň gün tertibiniň taslamasynyň üstünde işleýäris we golaýda ony köpçülige ýetireris. Häzirlikçe bolsa maslahatyň temasy bilen bagly prezentasiýalar boýunça teklipleri kabul edýäris. Şeýle hem daşary ýurtly wekilleriň ählisine wiza goldawy berler» – diýlip çäräniň guramaçylarynyň habarynda aýdylýar.

Ylmy maslahatyň işine halkara guramalarynyň, akademiki we diplomatik gulluklaryň wekilleri, ekologlar, maýadarlar, maliýeçiler, ylmy-barlagçylar we beýlekiler gatnaşar.

Çäräniň guramaçylary bolup «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy «Turkmen Forum» HJ we Gaffney Cline britan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.

«Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa jähtleri» atly halkara ylmy maslahaty ylmy barlaglaryň we iň gowy tejribeleriň esasynda uglewodorodlary ekologiýanyň zerur talaplaryny berjaý edip işläp taýýarlamaga ýardam eder.

Ýene-de okaň

Türkmenistan öz önümlerini «Kazan Halal Market» halkara ýarmarkasynda hödürlär

Waşingtonda ABŞ-Özbegistan işewürlik geňeşiniň mejlisi geçirildi

Russiýa–Türkmenistan–Owganystan täze üstaşyr geçelgesini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda 3 aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar