JEMGYÝET

Aşgabatda “Güneşli” atly täze çagalar we ýetginjekler köşgi gurlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dikuçarda paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde ýaýbaňlandyrylan işleriň barşy bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyzyň ýanynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat-gurluşyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow boldy.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow uçuş mahalynda şäheriň çäklerinde alnyp barylýan işleri synlap, ýerine ýetirilýän giň möçberli işlerde Watanymyzyň geljegi hasaplanýan ýaşlaryň döwrebap bilimli we kämil hünärli bolmaklaryna möhüm ähmiýet berilmelidigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer ozal berlen tabşyryklara laýyklykda, häzirki döwürde hereket edýän çagalar we ýetginjekler köşgüniň, täze, ýagny “Güneşli” ady bilen bina ediljek merkeziniň gurluşygynyň meýilleşdirilendigi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz täze toplumyň gurluşygyna örän jogapkärli çemeleşmelidigini belläp, täze toplumyň bina ediljek ýerini kesgitledi we degişli halkara bäsleşigini yglan etmegiň zerurdygyny aýtdy.

Bu merkez Aşgabadyň gözel ýerleriniň birinde, seleň howaly ajaýyp künjeginde, arassa ekologiýa gurşawynyň jümmüşinde gurlar we çagalaryň durmuşyna özboluşly nur çaýar.

Täze merkezde dürli hünärlere ugrukdyrýan gurnaklaryň netijeli işlemegi üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini belläp, döwlet Baştutanymyz täze merkeziň taslamalary taýýarlananda we onuň gurluşygynda häzirki zaman talaplarynyň göz öňünde tutulmalydygyny aýtdy. Munuň özi ýurdumyzyň nurana geljegini gurujylar bolan ýaşlaryň hemmetaraplaýyn bilimli-terbiýeli, hünär eýeleri hem-de zähmetsöýer bolup ýetişmeklerinde aýratyn ähmiýetlidir.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Beýik Britaniýada saparda bolýar

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Hökümet Baştutanlary bilen duşuşar

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Ýaponiýada Türkmenistan üçin talyp haklary mümkinçiliklerini giňeltmek maslahatlaşyldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Kazanda möhüm başlangyçlary öňe sürdi

Aşgabat 2028-nji ýylda yslam dünýäsiniň medeni paýtagty bolup biler