JEMGYÝET

…çagasyna näme diýilýär?

Biz kiçilikden sygryň çagasyna “göle”, goýnuňka “guzy”, itiň çagasyna “güjük”, düýäňkä “köşek” diýilýänini bilýäris.  Atyň çagasyna “taý, taýçanak” diýilýäninem çeper eserlerden okaýarys.  Emma pişigiň çagasyna “gijen” diýilýänindigini bilmeýändigimiz üçin “pişijek” diýýäris, garlawajyň, gumrynyň ýumurtgadan çykan ýeleksizje çagalaryna-da “guşjagaz” diýeris. Ýöne olara, hat-da bürgüdiň çagasyna hem “etene” diýilýär.

Itbalyk-gurbaganyň çagasy.

Kürre-eşegiň çagasy.

Owlak-geçiniň, keýigiň çagasy.

Guzy-goýnuň çagasyna aýdylýar.

Şirbeçe-ýolbarsyň çagasy.

Ýylanyň çagasy “ýylançyr” diýip atlandyrylýar, tilki çagasy “ýylpyz”,  şagalyň çagasyna “tula”, möjegiň çagasyna “üzit” diýilýär.

Related posts

Türkmenistan dünyadaki eğitim alanına entegre oluyor

vepa

Mustafa Şentop we Binali Ýyldyrym Halk Maslahatynyň Başlygyna gynanç bildirdi

Meşhur multfilmleri tölegsiz tomaşa etmek hyzmaty