JEMGYÝET

Türkmenistandaky metjitler we zyýarathanalardaky çäklendirme möhleti

Türkmenistanda metjitlerde we namazhanalarda ybadat etmegini, zyýarathanalarda sadaka bermegini, zyýarat etmegini çäklendirme möhleti uzadyldy. Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýetiniň 13.07.2020 senede çykaran № 42 Ö buýrugy esasynda 2020-nji ýylyň 1-nji oktýabryna çenli uzaldylandygy mälim edildi.

Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýeti Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň 26.08.2020-nji senesinde geçiren mejlisiniň teswirnamasyndaky kararlary ýerine ýetirmek maksady bilen şeýle buýrugy çykarandygy bellenilip geçildi. Bu barada Türkmenistanyň Müftüliginiň buýrugynda bellenilýär.

Türkmenistanyň Müftüligi tarapyndan ozal 13.07.2020-31.08.2020 seneler aralygynda dowam eden çäklendirme möhleti girizlipdi.

Şeýle hem mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda otly hereketi hem 1-nji oktýabra çenli duruzyldy. Bu barada hem Türkmenistanyň “Türkmendemirýollary” agentligi mälim edipdi.

Bulardan başga-da, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Türkiýe döwletindäki  bilet satyş wekilhanasyny bolup durýan Hakim Turizm Akyıldızlar Dış Ticaret Ltd şereketine salgylanyp Türkmenistanyň Stambul gatnawynyň 1 Oktýabr 2020 senesine çenli togtadylýandygyny habar beripdik.

Mundan başga-da, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Russiýadaky wekilhanasynyň https://turkmenistanairlines.ru    internet  saýtynda bellenilişi ýaly, halkara howa gatnawlary 30-njy sentýabr 2020-nji senesine çenli ýatyrylýandygy mälim edilipdi.

Degişli habarlar:

Otly gatnawlarynda täze möhlet

Aşgabat-Stambul uçar gatnawlarynda täze möhlet

 

 

Ýene-de okaň

Oguljahan Atabaýewa Adaty däl lukmançylyk otagynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Türkmenistana geldi

BMG Merkezi Aziýany dünýäniň geljegi uly syýahatçylyk sebitleriniň biri diýip atlandyrdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Serhetleriň howpsuzlygy boýunça Bütindünýä kongresine gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

“Turkmentravel – 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçirilýär

Si Szinpiniň ýörite wekili «Galkynyş» gaz käniniň 4-nji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri