SPORT

«Ahal» – «Pahtakor» duşuşygy geçiriler

AFK-nyň iň uly klub ýaryşyna wekilçilik edýän «Ahal» topary nobatdaky duşuşygyny paýtagtymyzdaky köpugurly «Aşgabat» stadionynda geçirer. Şonda «Ahal» topary Özbegistanyň «Pahtakor» topary bilen duşuşar. Duşuşykda 7-nji noýabrda sişenbe güni 19:00-da başlanar.

Duşuşygyň petekleriniň satuwy 1-njy noýabrda başlandy we häzirki wagtda-da dowam edýär. 30 manatdan satylýan petekleri köpugurly «Aşgabat» stadionynyň kassalaryndan, şol sanda «Berkarar», «Gülzemin» söwda-dynça alyş merkezlerindäki hem-de «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» söwda merkezindäki degişli nokatlardan hem satyn almak bolar.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +993 (12) 95-50-37.

Related posts

Çempionlar ligasynyň taryhyndaky iň owadan gol

Ata Watan Eserleri

Türkmen dzyudoçysy Maýsa Pardaýewa Mongoliýada bürünç medal gazandy

Futbolyň tomusky transfer möwsüminde 7.36 milliard dollar sarp edildi

Ata Watan Eserleri