DÜNÝÄ

Adam söwdasy boýunça Hereketleriň milli meýilnamasy taýýarlandy

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň taslamasy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ynsanperwer ugurda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek, hususan-da, adam hukuklaryny hemmetaraplaýyn goramak we olara bolan häzirki zaman wehimlerine garşy göreşmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu maksat bilen ýurdumyzda adam söwdasyna garşy göreşmek ugrunda kanunçylygyň berk binýady kemala getirildi. Munuň özi bu ugurda degişli işleri yzygiderli alyp barmaga ygtybarly hukuk esasyny döredýär. Türkmenistan bu ugurda halkara tagallalara anyk goşant goşýar. Ýurdumyzda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2016 — 2018-nji we 2020 — 2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamalary yzygiderli amala aşyryldy.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyzyň goldawy bilen 2024-nji ýylda Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça pudagara topar döredildi.

Häzirki wagtda agzalan toparyň utgaşdyrmagynda Halkara Migrasiýa Guramasy hem-de BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi bilen bilelikde Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.

Bu Meýilnama 5 bapdan ybarat bolup, olarda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän maksatnamalaýyn çäreler, olary ýerine ýetirmegiň möhletleri, degişli görkezijiler we jogapkär döwlet edaralary kesgitlenildi. Şeýle hem bu ugurda abraýly halkara guramalar we daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

Raşid Meredow Bahtiýor Saidow bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Antalýada Türkmenistanyň we Ukrainanyň ministrleriniň duşuşygy boldy

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ministrleri Antalýada duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Parlamentara Bileleşigiň 152-nji Assambleýasynyň çäginde geçirilen Ýaşlar forumyna gatnaşdy

Türkmenistan GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

SOCAR-yň ýolbaşçysy Röwşen Najaf Türkmenistanda saparda boldy