BIZNES

Türkmenistan Hytaýa Garlyk käninde bilelikde iş alyp barmagy teklip etdi

Paýtagtymyzda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisi geçirildi. Bu duşuşyk iň ýokary döwlet derejesinde gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň möhüm tapgyryna öwrülip, iki ýurduň hem hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga ygrarlydygyny tassyklady.

Mejlisde türkmen tarapyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, hytaý wekiliýetine bolsa, Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy Býurosynyň Hemişelik Komitetiniň Agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň birinji wise-premýeri Din Sýuesýan ýolbaşçylyk etdi.

Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda hyzmatdaşlygyň birnäçe beýleki ugurlaryna-da deglip geçildi. Hususan-da, demir ýol ulgamynda häzirki döwrüň barha artýan isleglerini, şol sanda täze ýükleriň getirilýändigini, bu pudagyň uly ähmiýete eýe bolýandygyny nazar alyp, demir ýol pudagyny döwrebaplaşdyrmak, bu ugurda degişli taslamalaryň üstünde işlemek boýunça birnäçe teklipler beýan edildi. Şonuň ýaly-da, logistika taslamalaryna üns berildi.

Ulag-logistika ulgamyny öz içine alýan möhüm işleriň alnyp barylmagy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginde ähmiýetlidir. Şoňa görä, bu ugurda täze taslamalaryň üstünde işlemek we ozalky ulgamlary döwrebaplaşdyrmak barada degişli teklipler aýdyldy.

Lebap welaýatynyň Garlyk käninde bilelikde iş alyp barmak babatda beýan edilen teklipleri muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Häzirki wagtda mineral dökünleri öndürmek üçin Garlyk kaliý dag-magdan toplumyny ösdürmegiň taslamasy boýunça işler dowam etdirilýär. Munuň özi türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde mynasyp orna eýe boljak ähmiýetli başlangyja öwrüler.

Türkmenistanyň senagat pudagyna öňdebaryjy tehnologiýalary çekmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi. Himiýa, dokma, gurluşyk serişdeleri senagaty ulgamlarynda taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Hytaý tarapy sanlylaşdyrmak, önümçilige ýokary tehnologiýaly çözgütleri ornaşdyrmak babatda tejribe alyşmaga taýýardygyny tassyklady. Oba hojalygy hem ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Taraplar oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine seretdiler. Şunda bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmek üçin oba hojalyk ugurly ylmy-barlag institutlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň ähmiýeti bellenildi.

Ýene-de okaň

Türkmen dizaýnerleri ÝB bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy