SPORT

Garet Beýl tomusda Madrid bilen hoşlaşyp biler

Ispaniýanyñ “Real Madrid” toparynyñ ýolbaşçylary Garet Beýli tomusda transfer penjiresinde hoşlaşmak isleýändigini bildirdi. Bu barada “Marca” neşiri habar berýär. 30 ýaşly Beýl, Madridiñ düzüminde lider bolup bilmedi, tälimçiler ony ätiýaçdaky oýunçylaryñ arasynda goýmak islemeýärler. “Real Madrid” topary Garet Beýl bilen 2022-nji ýyla çenli şertnama baglaşdy. Eger-de toparyñ ýolbaşçylary oýunçynyñ şertnamasyny wagtyndan ön togtatsa, Beýl topary mugt terk etmeli bolar diýip, “Marca” neşiri belläp geçýär.

Garet Beýl “Real Madrid” toparynyñ düzüminde ençeme gezek UEFA-nyñ Çempionlar ligasyny, UEFA-nyñ Superkubogyny, Ispaniýanyñ çempionatyny, Ispaniýanyñ naýbaşy kubogyny gazandy.

Related posts

Çempionlardan aýlygyndan ýüz öwürmegi haýyş edildi

UEFA Çempionlar ligasynyň bijeleri çekildi

Ata Watan Eserleri

Infantino FIFA-nyň ýolbaşçylygyna täzeden saýlandy

Ata Watan Eserleri