SPORT

​​Futbol taryhynyň iň gowy merkezi ýarymgoragçysy

“France Football” žurnaly futbol taryhynyň iň gowy merkezi ýarymgoragçysy diýen ady eýelemek ugrunda dalaşgärler görkezildi. 20 sany dalaşgärden birini saýlamak göz öňünde tutulýar.

Olar: Ýožef Božik (Wengriýa), Žerson (Braziliýa), Serdži Buskets (Ispaniýa), Pep Gwardiola (Ispaniýa), Didi (Braziliýa), Ýozef Masopust (Çehiýa), Paulo Falkao (Braziliýa), Lotar Matteus (Germaniýa), Stiwen Jerrard (Angliýa), Ýohan Neskens (Niderlandlar), Andrea Pirlo (Italiýa), Luis Suares Miramontes (Ispaniýa), Fernando Redondo (Argentina), Marko Tardelli (Italiýa), Frank Raýkard (Niderlandlar), Žan Tigana (Fransiýa), Bernd Şuster (Germaniýa), Habi Alonso (Ispaniýa), Klarens Zeedorf (Niderlandlar) we Hawi (Ispaniýa).

Şeýle hem žurnal ýylyň ahyrynda futbol taryhynyň 3-4-3 shemasy boýunça iň gowy futbolçylarynyň simwoliki ýygyndysynyň düzümini hem taýýarlamagy maksat edinýär.

Ozal hem habar berlişi ýaly, “France Football” žurnaly 2020-nji ýylyň jemleri boýunça “Altyn top” baýragyny gowşurmaýar.

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

Related posts

Jordonyň köýnekçesi satylýar

Şosse boýunça Ýewropa çempionaty yza süýşirildi

Ata Watan Eserleri

“Zenit” – Russiýanyň çempiony