DÜNÝÄ

Ykdysadyýet boýunça Nobel baýragynyň ýeňijileri belli boldy

 

Nobel baýragy diýlip atlandyrylýan abraýly halkara baýragyň Ykdysadyýet ugry boýunça ýeňijiler mälim edildi. Amerikaly alymlar Pol Milgrom we Robert Wilson “auksion teoriýasyny kämilleşdirendigi üçin” bu baýraga mynasyp görüldi, baýragyň eýeleri diýlip yglan edildi.

Bu teoriýa, adaty görnüşde satmasy kyn bolan harytlar we hyzmatlar üçin niýetlenendir. Bu dünýädäki satyjylara, alyjylara we salgyt töleýjilere peýdaly boldy.

Pol Milgrom 72 ýaşynda, Robert Wilson 83 ýaşynda. Ikisi hem Stenford uniwersitetinde mugallymçylyk kärini ýöredýär.

Alfred Nobeliň hatyrasyna Ykdysadyýet baýragy 1968-nji ýylda döredildi. Baýragyň pul sowgady Nobel gaznasyna Döwlet banky tarapyndan berilýär. Baýrak Stokgolmda ýerleşýän Şwesiýanyň Korollyk Ylymlar akademiýasy tarapyndan berilýär.

Baýraga dalaşgär görkezmek hukugy Şwesiýanyň Korollyk Ylymlar akademiýasynyň agzalaryna, ykdysadyýet baýragynyň eýelerine, Daniýa, Islandiýa, Norwegiýa, Finlýandiýa we Şwesiýa uniwersitetleriniň ykdysady ylymlar boýunça mugallymlaryna degişlidir.

Häzirki wagta çenli Nobel baýragynyň Ykdysadýet ugry boýunça 84 alyma berildi. Olaryň 82 erkek alym bolup, diňe 2 sanysy zenan alymdy.

Ykdysadyýet sahypamyz

Ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän ykdysadyýete degişli täzeliklerden “habardar” bolmak isleýän bolsaňyz, bu sahypa Siziň üçin!

Okap bilersiňiz  Habarymyz-türkmen metbugatynda

Related posts

Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda telefon söhbetdeşligi

Ata Watan Eserleri

Ozalky Premýer-ministr Boris Jonson teleýaýlym alypbaryjysy bolar