TEHNOLOGIÝA

“Apple” kompaniýasynyň öwez tölegi

“Apple” kompaniýasy “Iphone 6”, “6S”, “7” we “SE” görnüşlerini ulanýan müşderileriniň isleg bildirmeginiň çäklerinde olara 25 dollar möçberinde öwez tölegini amala aşyrar. Kompaniýanyň köne telefon görnüşleriniň işleýiş ulgamyny bilgeşleýin peseldýändigi üçin öwez tölegini bermek hakynda kazyýetiň  kararyny kabul etdi. Şeýlelikde ABŞ-nyň bu kompaniýasy 500 million dollar möçberinde öwez tölegini tölär. Bu öwez tölegi diňe ABŞ-nyň raýatlaryna degişlidir.

Kompaniýanyň müşderileriniň täze telefon görnüşlerini satyn almagy üçin köneleriniň işleýiş ulgamyny kämilleşdirmändigi babatda arz-şikaýatlar edilipdi. Ýöne kompaniýa bilgeşleýin müşderilerine täze telefonlary satyn almak babatda şeýle ugry saýlap alandygyny kabul etmedi.

Ýene-de okaň

Gazagystan özüniň superkompýuterini işläp düzdi

“Samsung Galaxy Z Fold 7” we “Z Flip 7” täzelenen modelleri ABŞ-da tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Estoniýa bilen sanly ykdysadyýet boýunça hyzmatdaşlyk eder

Pekinde robotlaryň arasynda ilkinji futbol duşuşygy geçirildi

Hytaýyň programma üpjünçiligi pudagynyň girdejisi 11,2% ýokarlandy

Russiýa özüniň “Messenger” ulgamyny döredýär