Kutadgu- Bilig 1-nji bölüm
BISMILLAHI-R-RAHMAN-R-RAHIM
| I | TeÅ‹ri Azze Ve Celle Ögdisin Ayur | 
  | 
| 1 | Bayat atı birle sözüg başladım, törütgen egidgen keçürgen idim  | 
1.Baýat ady bilen başladym sözi,
 Döreden, egiden, geçrimli özi.  | 
| 2 | Üküş ögdi birle tümen miÅ‹ senâ, uğan bir bayatka aÅ‹ar yok fenâ  | 
2.Çäksiz öwgi bilen tümen müň sena,
 Okgan bir Baýatga, oňa ýok günä.  | 
| 3 | Yağız yer yaşıl kök kün ay birle tün, törütti halâyık öd üdlek bu kün  | 
3.Ýagyz ýer, ýaşyl gök, gün, aý bilen tün,
 Döretdi halaýyk art-arda bu gün.  | 
| 4 | Tiledi törütti bu bolmış kamuğ, bir ök bol tedi boldı kolmış kamuğ  | 
4.Diledi, ýaratdy, boldy bary jem,
 Birbada “Bol!” diýdi, döredi şol dem.  | 
| 5 | Kamuğ barça muÅ‹luğ törütülmişi, muÅ‹ı yok idi bir aÅ‹ar yok eşi  | 
5.Döränleriň barçasyna zerurdyr,
 Täkdir, deň-duşy ýok, ol – Biribardyr!  | 
| 6 | Ay erklig uğan meÅ‹ü muÅ‹suz bayat, yaramaz seniÅ‹din adınka bu at  | 
6.Eý, ullakan, erkli ebedi Baýat,
 Senden aýra asla ýaraşmaz bu at!  | 
| 7 | Uluğluk saÅ‹a ol bedüklük saÅ‹a, seniÅ‹din adın yok saÅ‹a tuş teÅ‹e  | 
7.Ululygam saňa, beýiklik saňa,
 Senden özgesi ýok, saňa duş-deňe.  | 
| 8 | Aya ber birikmez saÅ‹a bir adın, kamuğ aşnuda sen sen öÅ‹dün kedin  | 
8.Eý Biribar, saňa birikmez deňi,
 Barçanyň öňi sen, şeýle hem soňy.  | 
| 9 | Sakışka katılmaz seniÅ‹ birlikiÅ‹, tüzü neÅ‹ke yetti bu erkliglikiÅ‹  | 
9.Hiç sana gatylmaz seniň birligiň,
 Bütine ýetendir bu erkliligiň.  | 
| 10 | Seziksiz bir ök sen ay meÅ‹ü eçü, katılmaz karılmaz sakışka seçü  | 
10.Synmaz ebedi sen, eý Biribarym,
 Gatylmaz, garylmaz sanda hasabyň.  | 
| 11 | Ay iç taş biligli ay hakku’l-yakin, közümde yırak sen köÅ‹ülke yakın  | 
11.Iç-daşyň bilgiji, eý Hakkul-ýekün,
 Gözümden yrak sen, köňlüme ýakyn.  | 
| 12 | BarıÅ‹ belgülüg sen kün ay teg yaruk, neteglikke yetgü köÅ‹ül ögde yok  | 
12.Barlygyň belli seň, aýdyň gün-aý dek,
 Neneňsi sen, muňa ýetjek akyl ýok!  | 
| 13 | Ne ersedin ermez seniÅ‹ birlikiÅ‹, ne erselerig sen törüttiÅ‹ seniÅ‹  | 
13.Akyl ýetmez seniň beýle barlygňa,
 Akly sen ýaratdyň, haýran – zorlugňa!  | 
| 14 | Kamuğ sen törüttüÅ‹ ne erselerig, yokadur ne erse sen ök sen tirig  | 
14.Barçany  ýaratdyň, boldy bu barlyk,
 Olar gider, sensiň ýeke-täk dirlik.  | 
| 15 | Törütgen barıÅ‹a törütmiş tanuk, törümiş iki bir tanukı anuk  | 
15.Ýaradan – baryňa döretmiş tanyk,
 Dörän ikiň biri tanykdyr anyk.  | 
| 16 | AnıÅ‹ okşağı yok azu meÅ‹zegi, neteglikke yetmez halâyık ögi  | 
16. Oňa ogşaýan ýok, hem ýok meňzäni,
 Ýetmez asla muňa halaýyk aňy.  | 
| 17 | Yorımaz ne yatmaz udımaz oduğ, ne meÅ‹zeg ne yaÅ‹zağ kötürmez boduğ  | 
17.Ne ýörär, ne ýatar, uklamaz – oýa,
 Ne meňzär, ne ýaňzar, götermez boýa.  | 
| 18 | Kedin öÅ‹dün ermez ne soldın oÅ‹un, ne astın ne üstün ne otru orun  | 
18.Ne yz-öň, ne solda ýa-da oňyndyr, 
 Bilinmez ast-üsti, haýsy orundyr?!  | 
| 19 | Orun ol törütti orun yok aÅ‹ar, anıÅ‹sız orun yok bütün bol muÅ‹ar  | 
19.Orny ol döretdi, orun ýok oňa,
 Onsuz orun ýokdur, bütin bol muňa.  | 
| 20 | Ay sırka yakın ay köÅ‹ülke ediz, tanuk ol saÅ‹a barça sûret bediz  | 
20.Eý sen syra ýakyn, köňli gurşaýan,
 Saňa tanyk bary, bu barça aýan.  | 
| 21 | TörüttüÅ‹ tümen miÅ‹ bu sansız tirig, yazı tağ teÅ‹iz kötki oprı yirig  | 
21.Döretdiň müň tümen janly barlygy,
 Dag, deňiz, depe hem çukurlygy.  | 
| 22 | Yaşıl kök bezediÅ‹ tümen yulduzun, kara tün yaruttuÅ‹ yaruk kündüzün  | 
22.Ýaşyl gök bezediň tümen ýyldyzdan,
 Aýdyň etdiň gara tüni gündizden.  | 
| 23 | Uçuğlı yorığlı tınığlı neçe, tirilgü seniÅ‹din bulup yer içe  | 
23.Uçugly, ýöregli, dynygly niçe,
 Senden dirlik tapyp, gezer iýp-içe.  | 
| 24 | Ediz arşta altın serâka tegi, tüzü barça muÅ‹luğ saÅ‹a ay idi  | 
24.Arş-kürsüm, ýer–gögüm, bärim hem aňrym,
 Barça saňa mätäç, eý beýik Taňrym!  | 
| 25 | Ayâ birke bütmiş tiliÅ‹ birle ög, köÅ‹ül bütti şeksiz amul tutğıl ög  | 
25.Biribarym diýseň, diliň bilen öw,
 Köňülde şek tutma, ony aýyr, kow!  | 
| 26 | Neteglikke kirme küdezgil köÅ‹ül, barıÅ‹a bütün bolğıl amrul amul  | 
26. “Neteglige” girme, gözet köňlüňi,
 Baryňa bütin bol, gazan soňlugy.  | 
| 27 | Kalı kançaka kirme tutğıl özüÅ‹, kalı kançasız bil uzatma sözüÅ‹  | 
27. “Hany, haçana” girme, tutgul özüň,
 “Hany, haçansyz” bil, uzatma sözüň.  | 
| 28 | Ay muÅ‹suz idim sen bu muÅ‹luğ kuluğ, suyurkap keçürgil yazukın kamuğ  | 
28.Eý rehimdar Taňrym, sadyk guluň men,
 Bagyşlap, geçirgil ýazyklam bütin.  | 
| 29 | SaÅ‹ar ok sığındım umınçım saÅ‹a, muÅ‹admış yerimde elig tut maÅ‹a  | 
29.Eý howandar Taňrym, sygynýan saňa,
 Bulnamyş ýerimde el uzat maňa!  | 
| 30 | Sevüg savçı birle kopurğıl meni, elig tuttaçı kıl könilik küni  | 
30.Söwer sawçy bilen gop galdyr meni,
 Elimden tutawer gönülik güni.  | 
| 31 | Tüzü tört eşiÅ‹e tümen miÅ‹ selâm, tegürgil kesüksüz tutaşı ulam  | 
31.Dört deň-duşa menden tümen müň salam,
 Ýetewersin üznüksiz oňa bu kelam.  | 
| 32 | Uluğ künde körkit olarnıÅ‹ yüzin, elig tuttaçı kılğıl edgü sözin  | 
32.Uly günde görket olaryň ýüzün,
 Elim tutsun, diýsin has eýgi sözün.  | 
| 33 | Seni erdüküÅ‹ teg ögümez özüm, seni senmet öggil kesildi sözüm  | 
33.Seni hut bolşuň dek öwemok özüm,
 Seni seň özüň öw, kesildi sözüm.  | 
