JEMGYÝET

Söýgi däneleri

– Gözleriňi ýum!

– Ýumdum.

– Näme görýärsiň?!

– Garaňkylyk.

– Gözleriňi aç! Indi näme görýärsiň?

– Seni.

– Sen meni şol garaňkylykdan halas edermiň?!

* * *

Seniň gelmegiň üçin ýekeje gün ýeterlik, meniň garaşmagym üçin bolsa tutuş ömrüm. Sen maňa tutuş ömrümiň ýekeje gününi sowgat berip bilmezmiň?!

* * *

Sensiz bir gün  ömre ýeterlik. Ömrüm sensiz ölme ýeterlik. Maňa diňe sen ýeterlik.

* * *

– Meniň saňa bir sözüm bar.

– Aýt!

– Ýok, iki söz aýtjak.

– Aýdyber.

– Üçüsini aýtsamam bolarmy?!

– Hawa.

– Men seni söýýärin.

* * *

Bir guşjagaz Gökdäki Güne aşyk bolupdyr. Ol Güne ýetjek bolup, elinden gelenini etse-de, barybir, oňa ýetmek başartmandyr. Bir günem ol ýüregine bire baglap, göterilipdir asmana. Tä ýelekleri ýanyp gutarýança uçupdyr. Ahyry ganatlary ýanyp gutaryp, aşak gaçypdyr. Ýöne ol guşjagaz henizlerem dirimiş, şol Güne ýetmegiň arzuwynda ýaşaýarmyş.              Göwnüm hem şol guş mysaly, saňa ýetmegiň yşgynda, söýgim! Ony mundan artyk örteme…

* * *

Gülleriň Güne garap açylýandygy barada eşitdiňmi?! Ýüregimiň hem her gezek seni görende gül-gül açylýandygyna näme diýersiň?!

* * *

Söýginiň girelgesi müňlerçe, çykalgasy bolsa ýok…

Goçmyrat ORAZBERDIÝEW

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Türkmen gallaçylary 1 million tonna bugdaýy Watan harmanyna tabşyrdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjana döwlet saparyny amala aşyrar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Malaýziýa täze ylalaşyklara gol çekdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi

Arkadag şäherinde gurulýan metjit «Arkadagyň ruhy metjidi» diýlip atlandyrylar