JEMGYÝET

Hepdäniň ahyrynda gar gatyşykly ýagyş ýagar

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde çap edilen habarda çap edilýär.

Bal­kan we­la­ýa­tyn­da üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1… 6 gradus sowukdan +2… +7 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +9… +14 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +3… +8 gradus maýyl bolar.

Ahal we­la­ýa­tyn­da üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 5 — 10 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1… -6 gradus sowukdan 0… +5 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine -2… +3 gradusdan +8… +13 gradus aralygynda maýyl bolar.

Ma­ry we­la­ýa­tyn­da üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2… -7 gradus sowukdan 0… +5 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine -1…+4 gradusdan +10… +15 gradus aralygynda maýyl bolar.

Le­bap we­la­ýa­tyn­da üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3… -8 gradus sowukdan +1… +6 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine -3… -2 gradus sowukdan +9… +14 gradus aralygynda maýyl bolar.

Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -8… -13 gradus sowukdan 0… -5 gradus aralygynda sowuk, gündizlerine -4… +1 gradusdan +1… +6 gradus aralygynda maýyl bolar.

Paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 9 metrden 10 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1… -3 gradus sowukdan 0… +2 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +1… +3 gradusdan +6… +8 gradus aralygynda maýyl bolar.

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar

Türkmenistanda ýolbaşçylar 1-nji awgustdan dynç alşy çykarlar