JEMGYÝET

Söýgi gülleri

Ýüregme eken gülleň,

Bezär köňül köşgümi.

Oňa bakyp görerin,

Päk söýgimiň keşbini.

 

Gülleň anbar ysyndan,

Ýüreklermiz dem alar.

Söýgüden olar örňäp,

Bize saýasyn salar.

 

Kalbymyz güller bilen,

Döner baky bahara.

Diňe söýüp ýaşarys,

Meňzäp aýdyň sähere.

 

Güýzüň agras şemaly,

Eken gülleriň ýolmaz,

Söýgi güllän kalbymda,

Aýralyk ody ýanmaz.

 

Seniň yssy mähriňden,

Köňlüm nura beslener.

Söýgi gülleri dünýäň,

Gözelligne bäs geler.

 

Kalba baky ýazylýar,

Ömrüň bagtly günleri.

Baglaň güli solsa-da,

Solmaz söýgi gülleri!

 

Aýjemal GAÝLYÝEWA

 

Ýene-de okaň

“Turkmentravel – 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçirilýär

Si Szinpiniň ýörite wekili «Galkynyş» gaz käniniň 4-nji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Yrak Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady

Alp Arslan Begenjow Türkmenistana ilkinji erkin göreş medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-UNIDO:2026-2030-njy ýyllar üçin “Ýol kartasy” işlenip düzüler

Rabab Fatima Türkmenistanyň başlangyçlaryna ýokayr baha berdi