JEMGYÝET

Pursatlarda durmuş bar

Bir adama «Sen ýalňyş otla münüpsiň, seniň münmeli otlyň beýle tarapa gitmeli» diýipdirler. Ol adam garşylyk görkezipdir: «Ýok, men ýalňyşamok. Otlynyň sürüjisi ters tarapa barýar…». Adamyň tebigatynda şeýle bir häsiýet bar: ol hiç wagt  özüniň kemçiligini görmeýär.

***

Enemiň «Siz her gün goşawujyňyzy dolduryp, adamlara mähir paýlaň» diýeni ýadyma düşýär. Ol her gün bize goşawujymyzy tutduryp, öz goşawujy bilen biziň goşawujymyza bir zatlary guýardy. Onuň nämedigine düşünjek gümanyň bolmaz. Soňam ol: «Siz muny adamlara paýlaň, goşawujyňyzy dolduryp beriň. Ýöne beren wagtyňyz ýylgyryň. Ýylgyrmagy unutmaň! Şonda siz adamlara mähir paýlaýandygyňyza düşünersiňiz. Siziň goşawujyňyza berýänim mähirdir» diýerdi.

«Salam!» — adamlara goşawuçlap mähir paýlamakdyr. Biz adamlara näçe köp mähir bersek, şonça-da oňa bolan söýgimiz güýjär. Biziň «salamymyz» biziň ýagşy niýetlerimizden, ýagşy gylygymyzdan hasyl bolýandyr. Haçanda mähir bilen salamlaşylanda, eller bir-birege duşanda, ýürekler hem ýylanan ýaly bolýar. Bir-birege söýgi, mähir bermekden çekinmäň!

***

Köplenç halatda, ynsan bu dünýä gelip, özüniň bagtyny we betbagtlygyny duýman gidermiş. Bagtlylygynyň sebäbi, onuň bu dünýä nesibesiniň atylandygydyr, betbagtlylygy bolsa, şol bagty duýmaýanlygydyr…

***

Kimdir birine ýagşylyk edeniňizde ýa-da bolmasa, bir mätäç bendä kömek bereniňizde, arkaňyzdan dag aýrylan ýaly bolýarmy?! Megerem, bolýandyr. Sebäbi, her gezek ýagşylyk edilende, ömür depderçäňe bir sogap ýazylyp, bir günäň hem gaçyp galýar-da…

***

Köplenç, garaňky bir ýere baranyňyzda, ýa-da bolmasa, garaňky otaga kürsäp gireniňizde, birbada gözüňiziň öňi ümezlenip, garaňkylanan ýaly bolýarmy?! Bolýandyr. Emma bu ýagdaý uzak dowam etmez. Sähel salymda ähli zat üýtgäp, garaňkylyk hem edil el bilen aýrylan ýaly gözden sumat bolar. Üns berýäňizmi, bu ýagdaý  durmuşda-da gabat gelýär. Haýsydyr bir işiň başyna baranyňyzda, bu iş size birbada «garaňky» görüner. Emma oňa içgin aralaşyp, oňa doly girişseňiz welin, ol edil aýnada ýüzüňi görüp oturan ýaly aç-açan bolar durar. Çünki, gijelik hem uzak dowam etjek ýalydyr welin, iň soňundan şol hem sowulyp, onuň ýerine parlap Gün çykýar ahyry.

***

«Belentlige bökjek bolanda, at hem birbada yza süýşýär» diýen aýtgy bar. Üstünlik, şowlulyk hem birbada kösençsiz bolmaýar. Oňa çenli ýetmeli menzilleriň, ötmeli ýollaryň bardygyna düşünmek zerur.

Iň ilkinji üstünlik — bu ilkinji ädimdir. Şahyr aýtmyşlaýyn, uly menzilleriň ýeke ädimden — ilkinji ädimden başlanýandygyny bilýärsiňizmi?! Atyň pellehanadan birinji geçen-de bolsa, üstünde özüň bolmasaň, haýry bolmaz. Üstünlige ymtylmagyň esasy ýoly — özüňde  ynamy döretmek. Şowlulyk özüňi açmakdan başlanýar.

***

Men käte „Pursatlarda durmuş bar“ diýip, gaýtalamagy gowy görýärin. Parhsyz garaýan bolmagymyz-da mümkin, biziň her bir minutda nämedir bir ýagşy işi edip biljegimize, kitap okamagymyza, dost-ýarlarymyza kömek etmegimize, asgynrak talyp ýoldaşymyza goldaw bermegimize… mümkinçiligimiz bar. Wagtdan biziň şeýle pursatlary gazanmagymyz gerek. Hawa, wagt bize asla garaşmaýar…       Men hemişe „pursatlarda durmuş bar“ diýip, gaýtalamagy halaýaryn…

***

Bir adam kimdir birinden aýagaldygyna gaçyp barýarmyş. Onuň deňesinden ötüp barýan bir ýolagçy hem oňa goşulyp, ylgamaga başlapdyr. Olar esli aralygy ylgap geçensoňlar, hälki ýolagçy ony saklap, onuň nämeden gaçyp barýandygyny sorapdyr. Ol ylgamasyny hem kesmän, şeýle diýenmiş:                                          — Meniň bir utanjaň hasiýetim bar. Ol hemişe meniň yzymdan galanok. Men indi halys utanjaňlykdan ýadadym. Ine, şondan gaçyp barýaryn…

Her bir kişi, şol tymsaldaky adam ýaly, özündäki ýaramaz gylyklardan saplanyp, «gaçyp» gutulmalydyr.

***

Biziň üçin ýönekeý zat — el çarpmak. Iki ellerimizi bir-birine galtaşdyryp, batly-batly urubersek, birgiden „şarpyl-şarpylmalar“ emele geler. Emma, pikir edip gördüňizmi, biziň üçin ýönekeý bolup görünýän şol el çarpmalar başga biri üçin uly sowgat, üstünlik bolup görnüp biler…

Aslynda, tomaşaçy hemme zada el çarpmaýar. Ol diňe öz göwün söýen zadyna  aýdymçysyna, şahyryna, sahnasyna … el çarpýar. Ol diňe gyzgyn „el çarpmalar“ bilen öz hoşallygyny bildirýär.

Şeýle bir el çarpmalar bolýar. Olary el bilen däl-de, ýüregiň bilen çarpýan ýaly bolýarsyň. Kä halatda çykyş şowly çykanda, el çarpmalaryň unudylýan wagty-da bolýar.

Şeýle bir el çarpmalar bolýar. Olar göwünli-göwünsiz çarpylýarlar. Şeýle el çarpmalaryň käte asla eşidilmeýän wagtlary-da bolýar.

Şeýle bir el çarpmalar bolýar. Ol iň soňunda tomaşaçynyň närazylygy bilen gutarýar…

… Gorkýaryn, bu ýazanlaryma nähili el çarparkalar?!

 

Goçmyrat ORAZBERDIÝEW

 

Ýene-de okaň

USAID-iň YDA taslamasy “TechYouth Bootcamp” maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyga çagyrýar.

«Türkmentel ─ 2024» atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahaty açyldy

Birol Güwen: Türk dünýäsi bilen bilelikdäki filmleri surata düşürmek taslamamyz bar

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwaly başlady

Ata Watan Eserleri

Baýraktar: Türkmenistanyň gazyny Azerbaýjanyň üsti bilen almak mümkin

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler