JEMGYÝET

Ejeme

Kelemä öwürip gudratly adyň,
Mähriňe ýugrulan söýgiňde ösdüm.
Sen täksiň — durmuşda lebzine sadyk,
Hem ähli ynsandan kämildir keşbiň.

Ykbalyň goş basan agramlaryny
Kiçijek göwnüňde göterip ýörsüň.
Bize ýollaň egrem-bugramlaryny,
Kötelin duýdurman ötürip ýörsüň.

Seret, eje, güldürmedik ykbalym
Ýüregmi bişirýär — basýar közlerin.
Neçün öwretmediň göwün ýykmany,
Oljasy bolsam-da kalby körleriň.

Göwnümiň özünden göwni galypdyr,
Göwnün ynjydanma göwni päkleriň.
Umytlarym ýaşamakdan arypdyr,
Bu ýyl has-da ýukalypdyr çäkmeni.

Ýangynly ýüregňi ýuwsun ýagyşlar,
Görmäwer ykbalyň jöwza-sowugyn.
Göwün galaň kän ýykdygym, Bagyşla!
Ýarymgöwün käbäm, ötgün günäsin
Del ýürekden mähir idän ogulyň.

Nazar Hanmedow

 

Related posts

Bir günde 4 milliondan gowrak agaç nahaly ekildi

Eýranyň Ruhy Lideri türkmen halkynyň Milli Liderine Magtymgulynyň goşgular diwanyny sowgat berdi

Türkmenistanyň Prezidenti Owganystana kömek bermäge çagyrdy

Ata Watan Eserleri