JEMGYÝET

Uýama

Ir säherde oýanýaryn,

Dogan Güne berip salam.

Soňra ýene öňküler deý

Ele alýan kagyz, galam.

 

Belki, bir zat ýazarynam,

Ýazmandymam bu çakda.

Tebigat, Ýer, Asman, hemem

Güneş hakda, sen hakda.

 

Dynç alyşda joram bilen

Bir halyjyk dokaýaryn.

Tekjede gum basmaz ýaly,

Kitaplarňam okaýaryn.

 

Käte bolsa seniň ýaly

Ýazjak bolýan, pozjak bolýan.

Kätelerem hyýalymda

Ýyly gujagyňa dolýan.

 

Ilkinji mugallymym sen!

Menem okuwçyň deý göýä,

“Eýle ýazma, beýle ýaz” diýp,

Gel-de, ýene öwret, uýam.

 

Aýgözel ABDYÝEWA,

Balkan welaýatynyň Serdar etraby

 

Related posts

Täze çagalar dynç alyş seýilgähi gurlar

Bakanlar Kurulu toplantısı: Dünyanın en büyük enerji tesisi açılıyor

vepa

35 çapyksuwaryň gatnaşmagynda «Amul-Hazar» atly ýörişi geçiriler