Ozal hem habar berşimiz ýaly, 2026-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň 10 sany metbugat işgäriniň Türkiýe Respublikasynyň Balykesir we Çanakkale şäherlerine syýahaty başlandy. Bu metbugat syýahatyna “Ata Watan Media”-nyň wekili Mährijemal Berdiýewa hem gatnaşýar.
Bu syýahatçylyk sapary bilen baglanyşykly metbugat işgärleriniň sapar edýän Türkiýäniň Balykesir welaýatynyň syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak isledik.
BALYKESERIŇ SYÝAHATÇYLYK MÜMKINÇILIKLERI
Balykesir Marmara we Ege deňizleriniň kenarynda ýerleşip, özüniň ýerasty gyzgyn suw çeşmeleri, köpdürli tebigaty we taryhy mesgenleri bilen ajaýyp syýahatçylyk mümkinçiligini hödürleýär. Kenarýaka syýahatçylygyndan başlap termal syýahatçylyga, medeni syýahatçylykdan tebigat syýahatçylygyna çenli köpsanly ugurlary öz içine alýan welaýat, ýyl boýy syýahatçylary kabul edýär.
-
290 km uzynlygyndaky ösen kenarýaka syýahatçylygy
-
Alternatiw syýahatçylyk ugurlary
-
dört pasyl syýahatçylyk
-
Baý medeni we tebigy mirasy
-
Gyzgyn suw çeşmeler bilen ösýän termal syýahatçylygy

Balykesir özüniň ybadathanalary, muzeýleri we gadymy şäherleri bilen medeni syýahatçylygyň özüne çekiji merkezidir. Köp sanly gadymy şäherleri we taryhy ýerleri özünde jemleýän welaýatda Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň hem-da uniwersitetleriň hyzmatdaşlygynda gazuw-agtaryş we dikeldiş işleri yzygiderli alnyp barylýar.
Balykesiriň baý taryhy we medeni mirasy gadymy döwürden başlap, dürli beglikleriň we Osman imperiýasynyň mesgen tutan ýerleridir. Şol bir wagtda degişli taryhy döwürlerde öňe çykan senetçilik işlerini, taryhy hem-de medeni mirasyny tanatmak we syýahatçylara ýetirmek maksady bilen 10 sany dürli muzeý hyzmat berýär.

Gastronomiýa syýahatçylygy
Balykesir özüniň obasenagat önümleriniň köpdürlüligi, tagam medeniýeti we baý aşhanasy bilen gastronomiýa syýahatçylygy üçin uly kuwwata eýedir. Welaýatda öndürilýän Aýwalyk zeýtun ýagy geografik görkezijisi bolup, ol möhüm syýahatçylyk nyşany hökmünde ulanylýar.
Balykesiriň dürli süýjülikleri, Edremit ýaşyl çyzykly zeýtuny, tagamlandyrylan zeýtun ýaglary, tüwüsi, eti, dürli görnüşli şol welaýata degişli peyniri, Susurluk aýrany, Susurluk we Aýwalyk tostlary, Ege otlary, deňiz önümleri we Balykesir gaýmagy iň möhüm gastronomiki gymmatlyklary bolup durýar.

Tebigat syýahatçylygy
Balykesiriň tebigaty, baý ösümlik dünýäsi we amatly howa gurşawy ony tebigat syýahatçylyk maýa goýumlary üçin özboluşly sebit derejesine getirdi.
Balykesirde dag syýahatçylygy, dag we tebigat ýörişleri, gowaklar, guşlary synlamak (ornitologiýa), botanika we aw syýahatçylygy ýaly köp sanly alternatiw syýahatçylyk maýa goýumlary üçin uly mümkinçilikler bar. Esasan hem Kaz daglary özüniň biologiki köpdürlüligi, ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tebigat syýahatçylygynda tapawutlanýan zolakdyr.

Jeep Safari (Jip Safari)
Amatly geografik şertleriň saýasynda ösen jip safari syýahatlary tebigaty söýüjiler üçin welaýaty meşhur duralgalaryň birine öwürýär. Esasan hem Kaz daglary boýunça jip safari syýahatlary üçin uly isleg bildirilýän sebitdir.
