BILIM

Himiýa boýunça Nobel baýragynyň ýeňijileri belli boldy

2026-njy ýylyň himiýa boýunça Nobel baýragy Fransiýanyň we Ýaponiýanyň alymlaryna berildi. Şwesiýanyň Korollyk Ylymlar akademiýasy 2026-njy ýylyň himiýa boýunça Nobel baýragynyň eýelerini yglan etdi.

Nobel baýragynyň “X” sosial ulgamyndaky sahypasyndaky habara görä, baýrak fransiýaly Anri Kagan we ýaponiýaly Kenso Soai alymlaryna berildi.

Alymlar bu abraýly baýraga «asimmetrik organiki sintezde çyzykly däl täsirleri we awtokatalizi açandyklary üçin» mynasyp boldular.

Related posts

Türkmenistan we ÝUNESKO emeli aň hem-de sanlylaşdyrma ugrunda hyzmatdaşlygy ösdürýärler

Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumy gurlar

Tehnologiýa babatda onlaýn okuw