SPORT

Alekseý Batrakow «Galatasaraýyň» taryhyndaky ilkinji rus futbolçysy boldy

Türkiýäniň «Galatasaraý» toparynyň täze transferi Alekseý Batrakow türk toparynyň taryhyndaky ilkinji rus futbolçysy boldy.

«Galatasaraý» şu tomusky transfer möwsüminde fransiýaly ýarym goragçy Lesleý Ugoçukwudan soň Russiýanyň «Lokomotiw Moskwa» toparyndan 21 ýaşly Alekseý Batrakowy 25 million ýewro transfer tölegi bilen öz düzümine goşdy.

Şeýlelikde, ýaş futbolçy toparyň taryhyndaky ilkinji rus futbolçysy diýen ada eýe boldy.

Daşary ýurtly futbolçylaryň sany 218-e ýetdi

«Galatasaraýyň» düzümine goşulan Alekseý Batrakow toparyň taryhyndaky 218-nji daşary ýurtly futbolçy boldy.

Topary öňki ady Türkiýäniň 1-nji Futbol Ligasy bolan Super Liganyň başlanan 1959-njy ýyldaky möwsüminden Batrakowyň transferine çenli 6 yklymdan we 54 ýurtdan 217 daşary ýurtly futbolçy bilen şertnama baglaşdy.

Batrakowyň transferi bilen «Galatasaraýyň» taryhyndaky daşary ýurtly futbolçylaryň sany 218-e ýetdi.

Russiýanyň milli ýygyndysynda 12 oýna çykdy

Alekseý Batrakow Russiýanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň düzüminde 12 duşuşyga gatnaşdy.

Batrakow ilkinji gezek 2024-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Bruneý bilen geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda Russiýanyň milli ýygyndysynyň köýnekçesini geýdi. Ol milli ýygyndynyň düzüminde geçiren 12 duşuşygynda 4 gol geçirdi.

Iň köp daşary ýurtly futbolçy Braziliýadan

«Galatasaraý» 1959-njy ýyldan bäri daşary ýurtly futbolçylary transfer etmekde iň köp braziliýalylara ýüz tutdy.

Türk topary 67 ýylyň dowamynda «Sambaçy» diýlip atlandyrylýan 25 braziliýaly futbolçyny öz düzümine goşdy. Bu görkeziji boýunça Ýugoslawiýa 16 futbolçy bilen ikinji, Rumyniýa bolsa 15 futbolçy bilen üçünji orny eýeledi.

Asly türk bolan daşary ýurtly futbolçylar

«Galatasaraý» toparynda başga ýurtlaryň raýaty bolan, asly türk 8 futbolçy çykyş etdi.

Şweýsariýanyň pasportyna eýe bolan Kubilaý Türkyylmaz, Hakan Ýakyn we Eren Derdiýok, Germaniýanyň raýatlary Pýer Esser, Kerem Demirbaý we Ilkaý Gündogan, Şwesiýanyň milli ýygyndysynda çykyş eden Jimmi Durmaz hem-de Awstriýanyň pasportyna eýe bolan Ýusuf Demir bu toparyň köýnekçäni geýdiler.

Related posts

Pariž-2024: şygary we biletleriň bahasy belli boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanly emin Ronaldonyň duşuşygynda ätiýaçdaky emin bolar

Çempionlar ligasynyň iň owadan goly