SPORT

Duşan Wlahowiç “Beşiktaş” futbol klubyna geçdi

“Beşiktaş” futbol kluby serbiýaly hüjümçi Duşan Wlahowiçiň transfer edilendigini mälim etdi. 26 ýaşly hüjümçi “Ýuwentus” bilen şertnamasynyň möhleti tamamlanandan soň, erkin agent hökmünde “Beşiktaşa” goşuldy.

Ozal serbiýaly futbolçynyň Stambul kluby bilen üç ýyllyk şertnama baglaşjakdygy habar berlipdi. Onuň aýlygy möwsümde 8 million ýewro bolar, bonuslar bilen birlikde bolsa bu görkeziji 10 million ýewro çenli ýetip biler.

Geçen möwsümde Wlahowiç ähli ýaryşlarda “Ýuwentusyň” düzüminde 23 oýna çykyp, 10 gol geçirdi we iki netijeli pas berdi.

Hüjümçiniň bazar bahasy 35 million ýewro diýlip bahalandyrylýar.

Related posts

Rus hokkeýçi Oweçkin taryhy rekordy gaýtalady

Şumaher “Formula-1”-iň taryhynda iň köp girdeji gazanan türgen boldy

1972-nji ýylyň rekordy täzelendi

Ata Watan Eserleri