SPORT

Ronaldo “Al-Nasr” futbol kluby bilen şertnamasyny uzaldar

Bäş gezek “Altyn top” baýragynyň eýesi bolan portugaliýaly hüjümçi Krıstıano Ronaldo golaý wagtda Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” futbol kluby bilen täze şertnama gol çeker.

Bu barada “Report” habar berýär, žurnalist Fabrisio Romano öz X sosial ulgamyndaky sahypasynda mälim etdi.

Maglumat çeşmesiniň habar bermegine görä, taraplar täze şertnamanyň soňky jikme-jikliklerini ara alyp maslahatlaşýarlar. Şeýle jikme-jiklikleriň arasynda şertnamanyň möhleti hem bar — ol bir ýyllyk bolup, uzaltmak mümkinçiligi bilen bir hatarda iki möwsüm üçin bolup biler.

Ronaldo häzir 40 ýaşynda we ol 2023-nji ýyldan bäri “Al-Nasr” toparynda çykyş edýär. Portugaliýaly futbolçy bäş gezek Çempionlar ligasynyň ýeňijisi, Ýewropa çempiony, Milletler ligasynyň ýeňijisi, milli ýygyndylaryň taryhyndaky, Ýewropa çempionatlarynyň, Çempionlar ligasynyň we klub dünýä çempionatlarynyň iň köp gol geçiren oýunçysydyr. Ronaldo resmi duşuşyklarda karýerasynda 900 gol geçiren ilkinji futbolçydyr.

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri we Abu-Dabi welosport kluby okuw-türgenleşigini geçirer

Ýurgen Klopp Germaniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Karim Adeýemi Ispaniýanyň “Barselona” futbol klubyna geçdi

Ýamal bilen Holand iň gymmat futbolçylar boldy

Kazemiro “Inter Maýami” toparynyň futbolçysy boldy

Türkmenistanyň sport federasiýalary resmi internet saýtlaryny işe girizdiler