SPORT

Karim Adeýemi Ispaniýanyň “Barselona” futbol klubyna geçdi

Germaniýanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň hüjümçisi Karim Adeýemi Ispaniýanyň “Barselona” futbol klubyna geçdi. Bu barada toparyň metbugat gullugy habar berdi.

Oýunçy bäş ýyllyk şertnama gol çekdi. Žurnalist Fabrizio Romanonyň berýän maglumatyna görä, “Barselona” nemes futbolçysynyň transferi üçin Dortmundyň “Borussiýasyna” 22 million ýewro töledi, ýene 7 million ýewro bolsa bonus görnüşinde tölenip bilner.

Adeýemi 24 ýaşynda, ol 2022-nji ýyldan bäri “Borussiýada” çykyş edip gelýär. Hüjümçi topar üçin umumylykda 146 oýun geçirip, 36 gol urdy we 25 gol pasyny berdi.

Adeýemi ozal “Salzburg” klubynda hem çykyş edip, ol ýerde üç gezek Awstriýanyň çempiony we Awstriýanyň kubogynyň eýesi boldy.

Germaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde futbolçy 11 oýna gatnaşyp, 1 gol urdy we 1 pas berdi.

Related posts

Zenanlaryň futbol çempionaty yza süýşürildi

Klopp tomusda “Liwerpuldan” gidýär

Ata Watan Eserleri

UEFA Çempionlar ligasy: Messiden soňra Ronaldo hem şowsuzlyga uçrady