SPORT

Zenanlaryň futbol çempionaty yza süýşürildi

Zenanlaryň arasynda geciriljek futbol boýunça Ýewropa çempionaty koronawirus sebäpli 2022-nji ýylyň tomsuna geçirildi. Bu barada Ýewropa Futbol Assosiasiýalary Bileleşigi (UEFA) habar berdi.

Aslynda bu ýaryş 2021-nji ýylyň tomsunda Angliýada geçirilmelidi. Emma erkekleriň arasyndaky 2020-nji ýylyň tomsunda geçirilmegi meýilleşdirilen futbol boýunça  Ýewropa çempionatynyň 2021-nji ýyla geçirilendigi üçin zenanlaryň arasyndaky çempionatynyň senesi hem üýtgedildi.

UEFA-nyň beren beýanatyna laýyklykda, zenanlaryň arasyndaky çempionatyň 2022-nji ýylyň tomsunda geçirilmegi meýilleşdirilen ýeke-täk esasy futbol ýaryşy boljakdygy we munuň hem çempionata bolan ünsüň haç köp boljakdygy mälim edilýär.

Sene eýýäm yglan edildi: çempionat 2022-nji ýylyň 6-njy iýulyndan 31-nji iýuly aralygynda geçiriler. Final Uembli stadionynda geçiriler.

UEFA ýakyn wagtda ýaşlaryň arasyndaky futbol boýunça Ýewropa çempionatyny hem yza süýşürip biler.

Related posts

Hakimi Italiýa barýar

“Barselona” Ispaniýanyň çempiony boldy

“Arkadag” topary Gyrgyzystanyň “Abdyş-Ata” toparyny ýeňdi