SPORT

“Zenit” topary 10-njy gezek Russiýanyň Superkubogyny eýeledi

Sankt-Peterburgyň “Zenit” toparynyň futbolçylary 10-njy gezek Russiýanyň Superkubogyny eýelediler.

Bu kubok ugrundaky duşuşykda Russiýanyň çempiony “Zenit” topary, Russiýanyň Kubogynyň eýesi bolan Moskwaň “Spartak” toparyny 11 metrlik jerime urgulary boýunça ýeňdi.

Oýun Nižniý Nowgorodda geçirildi.

Esasy wagt 1:1 hasabynda tamamlandy. 25-nji minutda Kristofer Martins “Spartagy” öňe geçirdi, 90+9-njy minutda bolsa Aleksandr Sobolew 11 metrlik jerime urgusyny takyk ýerine ýetirip, hasaby deňledi.

Esasy wagtdan soň 11 metrlik jerime urgy tapgyry (penaltiler) geçirildi we onda “Zenit” has şowly çykyş etdi (4:2).

Related posts

Çempionlar ligasynyň finaly Portugaliýada geçiriler

Lewandowski iň köp geçiren futbolçy

Katar-2022: Messili Argentina ýarym finalda

vepa