JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Gruziýada döwlet saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwili bilen duşuşdy. Bu barada Gruziýanyň metbugat gulluklary habar berýär.

Gruziýanyň Prezidentiniň administrasiýasynyň habar bermegine görä, Gruziýanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýaamala aşyrýan ilkinji döwlet saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundna beýläk-de ösdürmekde möhüm tapgyr bolup durýandygyny we iki ýurduň arasyndaky ýokary derejeli syýasy gepleşikleriň berkidilýändiginiň aýdyň subutnamasydygyny aýtdy.

Duşuşykda taraplar Gruziýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga, maýa goýumlaryny çekmäge, energetika, ulag we logistika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şeýle hem Orta geçelgäniň strategiki mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmaga aýratyn üns berildi.

«Taraplar Gruziýanyň Ýewropa bilen Aziýany birleşdirýän esasy halka hökmünde, şol sanda Gara deňiz portlarynyň we Anakliýa çuň deňiz portunyň geljekki mümkinçilikleriniň üsti bilen üstaşyr aragatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini bellediler» diýip, Prezidentiň administrasiýasy habar berdi.

Prezidentler medeniýet, bilim we ylym ulgamlarynda hyzmatdaşlygy berkitmek barada hem gürrüň etdiler. Adamlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň, ýaşlar we akademiki alyş-çalyş maksatnamalarynyň ösdürilmeginiň hem-de bilelikdäki medeni başlangyçlary goldamagyň ähmiýeti aýratyn bellenildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti ilkinji döwlet sapary bilen Gruziýa bardy

Ahalteke atlarynyň dünýä çempionaty üçin meýletinçiler taýýarlanýar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi 23-nji sentýabrda geçiriler

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabatda saparda boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri Aşgabatda duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady