Ispaniýanyň milli futbol ýygyndysy dünýä çempionatynyň çärýek finalynda Belgiýanyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Inglwud şäherinde geçirildi.
Ýeňiji toparyň gollaryny 30-njy minutda Fabian Ruis we 88-nji minutda Mikel Merino geçirdi. Belgiýanyň düzüminde bolsa 41-nji minutda Şarl De Ketelare tapawutlandy.
Ispaniýanyň milli ýygyndysy şu dünýä çempionatynda ilkinji gezek gol goýberdi. Toparyň derwezeçisi Unai Simon dünýä çempionatlarynda öz derwezesine gol goýbermän dowam eden 649 minutlyk rekord seriýasyny tamamlady. 71-nji minutda Belgiýanyň derwezeçisi Tibo Kurtua şikes sebäpli oýundan çykaryldy we onuň ýerine Senne Lammens meýdança girdi.
Mikel Merino yzygiderli ikinji duşuşykda ätiýaçlykdan oýna girip, ýeňiş goluny geçirdi. Ondan öň ol 1/8 finalda Portugaliýa garşy geçirilen duşuşykda (1:0) hem ýeke-täk goluň awtory bolupdy.
Ispaniýanyň milli ýygyndysy taryhynda üçünji gezek dünýä çempionatynyň ýarym finalyna çykdy. Topar 2010-njy ýylda dünýä çempiony bolup altyn medallary gazandy, 1950-nji ýyldaky ýaryşda bolsa dördünji orny eýeledi. Belgiýa milli ýygyndysy 2018-nji ýyldaky dünýä çempionatynda bürünç medala mynasyp bolupdy, bu olaryň şu wagta çenli gazanan iň ýokary netijesidir.
Ýarym finalda Ispaniýanyň milli ýygyndysy Fransiýanyň ýygyndysy bilen duşuşar. Oýun 14-nji iýulda geçiriler.
