Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow alty aýyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Balkan we Mary welaýatlaryna täze ýolbaşçylar bellendi.
“Watan” habarlar bellenilip geçilişi ýaly, Balkan welaýatynyň häkimi Hojamyrat Aşyrmyradow başga wezipä geçmegi bilen wezipesinden boşadylyp, ol Lebap welaýatynyň häkimi wezipesine bellendi.
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkimi Röwşen Jumaýew Balkan welaýatynyň häkimi wezipesine bellendi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatynyň häkimi Döwranberdi Annaberdiýew wezipesinden boşatdy. Bu wezipä Batyr Orazgylyjow bellendi.
