JEMGYÝET

Ýewropada çäklendirmeler aýrylýar

Fransiýada Prezident Emmanuel Makron tarapyndan çäklendirmeleri ýeňilleşdirmek barada yglan eden 4 basgançakly meýilnamanyň ikinji tapgyry başlandy. Kinoteatrlar we muzeýler gaýtadan açyldy. Olar sagat 06.00-21.00 aralygynda halka hyzmat eder.

Ýapyk ýerlerde geçirilýän çärelere iň köp 800 adam, açyk meýdandakylara bolsa 1000 adama çenli tomaşaçy gatnaşyp biler.

Mundan beýläk, Awstriýada hem birnäçe wagtlap ýapyk duran gastronomiýa, syýahatçylyk pudaklary, myhmanhanalar, sport desgalary, bilim edaralary, ilkinji nobatda Wena Döwlet operasy we Wenanyň meşhur konsert zallary öz işine başlar.

Elbetde, örtükleriň dakynylmagy, 2 m aralygyň saklanmagy we eller dezinfeksiýa etmek ýaly ähli zerur çäreleriň berk berjaý edilmegi hem ünsden düşürilmez.

 

Iňlis dilindäki nädogry işlikleri özleşdirmegiň usullary

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar

Türkmenistanda ýolbaşçylar 1-nji awgustdan dynç alşy çykarlar