JEMGYÝET

Içerki demir ýol gatnawlarynyň sany artýar

Türkmenistanda ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak bilen baglanyşykly çäklendirmelerden soň, içerki demir ýol gatnawlarynyň sany köpelip başlady. Bu barada “orient.tm” internet neşiri habar berýär.

Iýun aýynyň 9-yndaky ýagdaýa görä, “Demirýollary” AGPJ 33 sany demir ýol gatnawyny ýola goýdy. Olaryň 8-si Aşgabatdan Türkmenbaşy şäherine we yzyna ýolagçylaryň gatnadylmagyny üpjün edýär. Bu ugurdaky otly gatnawlary her gün amala aşyrylýar.

Beýleki ugurlarda demir ýol arkaly ýolagçy gatnawy hepdede bir-üç gezek amala aşyrylýar, emma gatnawlaryň sany kem-kemden köpeldilýär.

Gatnaw tertibini şu ýerden yzarlap bilersiňiz. Şeýle hem “Demirýollary” AGPJ-niň resmi saýtynda hem-de onuň mobil “Android” hem-de “ioS” mobil goşundylaryndan petek satyn almak mümkinçiligi bardyr.

 

Hytaýda ykdysady galkynyş başlady

Related posts

Sankt-Peterburg : GDA gatnaşyjy döwletleriň baştutanlarynyň duşuşygy

vepa

Türkmenistanyň Prezidenti sapar bilen Pakistana çagyryldy

Türkmenistanyň Prezidenti Si Szinpini Bahar baýramy bilen gutlady