JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanda

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy Konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystanyň paýtagty Astana şäherine bardy. Türkmenistanyň Prezidentini halkara howa menzilinde Gazagystanyň Premýer-ministri Olžas Bektenow garşylady.

Türkmenistan bilen Gazagystanyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürilýär. Soňky 5 ýylda özara söwdanyň möçberi 4 esse ýokarlanyp, soňky ýylda 28 göterim artdy. Şu ýylyň 6 aýynda haryt dolanyşygy 237.2 million dollara deň boldy.

Gaz pudagy we ulag-üstaşyr ulgamy häzirki wagtda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek babatda geljegi uly ugurlar hasaplanýar. Ulag-üstaşyr ulgamynda birnäçe iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Olaryň hatarynda Türkmenbaşy-Garabogaz-Gazagystan serhedi awtomobil ýoludyr.

225 kilometrlik awtomobil ýoly hem-de Garabogazgöl aýlagynyň üstünden geçýän köpri taslamasy möhümdir.

Şeýle hem gazak tarapy uzynlygy 165 kilometre barabar bolan Žanaözen-Türkmenistan serhedi awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek taslamasynyň üstünde iş alyp barýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Kuweýt Döwletine ilçi belledi

Tegelek stol: Türkmenistan we Gruziýa – ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri

Türkmenistan Hazar deňziniň ekologiýasy boýunça ýokary derejeli duşuşygy meýilleşdirýär

Türkmen atşynaslary «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ada eýe boldular

Haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde Arkadag şäherinde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdep döwrebaplaşdyrylýar

Derýa Soýsal: “Makul iňlisçe we türkmençe” nakyllar kitaby medeni hyzmatdaşlygyň köprüsi