Norwegiýanyň futbol ýygyndysynyň hüjümçisi Erling Holand 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň iň köp pökgi geçiren futbolçylarynyň sanawynda öňdebaryjylaryň birine öwrüldi.
Ol Braziliýanyň ýygyndysyna garşy geçirilen 1/8 final duşuşygynda (2:0) iki pökgi geçirip, ýaryşdaky gollarynyň sanyny 7-ä ýetirdi. Şeýlelikde, ol bu görkeziji boýunça fransiýaly hüjümçi Kilian Mbappe we argentinaly hüjümçi Lionel Messi bilen birinji orny paýlaşýar. Şeýle-de bolsa, Argentinanyň ýygyndysy heniz 1/8 finaldaky duşuşygyny geçirmeli.
Bu dünýä çempionaty Holandyň karýerasyndaky ilkinji dünýä çempionatydyr. Norwegiýanyň ýygyndysy 1998-nji ýyldan bäri ilkinji gezek dünýä çempionatyna gatnaşýar. Olaryň indiki garşydaşy Angliýanyň ýygyndysy bolar.
Holand 25 ýaşynda. Ol 2022-nji ýylyň tomsundan bäri Angliýanyň “Mançester Siti” klubunda çykyş edýär. Şol döwürde ol üç gezek Angliýanyň milli çempionatynyň iň netijeli hüjümçisi boldy.
“Mançester Siti” bilen iki gezek Angliýanyň çempiony we Angliýanyň kubogynyň eýesi boldy. Mundan başga-da, bir gezek Angliýanyň Superkubogyny, Angliýanyň Liga kubogyny, UEFA-nyň Çempionlar ligasyny we UEFA-nyň Superkubogyny gazandy. Karýerasynyň dowamynda ol Norwegiýanyň “Brýune” we “Molde”, Awstriýanyň “Zalsburg” hem-de Germaniýanyň Dortmund şäheriniň “Borussiýa” klublarynda çykyş etdi.
