Futbol boýunça dünýä çempionatynyň 1/8 finalynda oýnajak ähli ýygyndylar belli boldy.
Pleý-offyň ikinji tapgyryna iň soňky bolup goşulan topar Kolumbiýanyň milli ýygyndysy boldy, olar 1/16 finalda Gananyň toparyny utmagy başardylar (1:0). 1/8 finalda günorta amerikaly futbolçylar Şweýsariýanyň ýygyndysy bilen duşuşarlar, oýun 7-nji iýulda Wankuwerde bolar.
Şeýle-de, 1/8 final tapgyrynda şu aşakdaky duşuşyklar geçiriler:
-
Kanada – Marokko (4-nji iýul, Hýuston)
-
Paragwaý – Fransiýa (5-nji iýul, Filadelfiýa)
-
Braziliýa – Norwegiýa (5-nji iýul, Ist-Raterford)
-
Meksika – Angliýa (6-njy iýul, Mehiko)
-
Portugaliýa – Ispaniýa (6-njy iýul, Arlington)
-
ABŞ – Belgiýa (7-nji iýul, Sietl)
-
Argentina – Müsür (7-nji iýul, Atlanta)
