2026-njy ýylyň 6-njy awgustynda Birleşen Milletler Guramasy ilkinji gezek Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň (DÇBÖÝ) ösüş babatyndaky aýratyn zerurlyklary we meseleleri barada habardarlygy ýokarlandyrmagyň halkara gününi belledi.
Halkara gününiň döredilmegi, mundan bir ýyl ozal — 2025-nji ýylyň 5–8-nji awgustynda Türkmenistanyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) netijeleriniň çäklerinde aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Maslahatyň Türkmenistanda geçirilmegi ýurduň Ýolbaşçylygynyň halkara ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmek, özara baglanyşygy pugtalandyrmak hem-de deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň bähbitlerini ilerletmek boýunça yzygiderli alyp barýan ugrunyň iş ýüzündäki beýany boldy. Türkmenistan halkara bileleşigine döwletleriň, BMG ulgamynyň, halkara maliýe institutlarynyň, hususy pudagyň we beýleki hyzmatdaşlaryň tagallalaryny DÇBÖÝ-i ösdürmegiň täze onýyllyk gün tertibiniň daşynda birleşdirmek üçin meýdança hödürledi.
Maslahatyň esasy netijeleriniň hatarynda 2024–2034-nji ýyllar üçin deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça Awaza Hereketler Maksatnamasynyň resmi taýdan makullanylmagy, şeýle hem Awaza syýasy Jarnamasynyň kabul edilmegi boldy.
Maslahatdan bir ýyl geçenden soň, Awazada kabul edilen çözgütler yzygiderli ýagdaýda iş ýüzünde durmuşa geçirilýär. Awaza Hereketler Maksatnamasy BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk 32 ösüp barýan ýurdy goldamak boýunça esasy uzak möhletleýin platformasyna öwrüldi we özara baglanyşykly bäş ileri tutulýan ugry kesgitleýär: gurluş taýdan özgertmeler, ylym, tehnologiýalar we innowasiýalar; söwda, söwdany ýeňilleşdirmek we sebit integrasiýasy; üstaşyr geçelgeler, ulag we özara baglanyşyk; howanyň üýtgemegine hem-de tebigy betbagtçylyklara uýgunlaşmak mümkinçiliklerini we durnuklylygy ýokarlandyrmak; durmuşa geçiriş serişdeleri.
Ilkinji tapgyryň möhüm netijeleriniň biri hem Awaza Hereketler Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň Ýol kartasynyň we monitoring ulgamynyň işlenip taýýarlanylmagy boldy. Bu mehanizm BMG ulgamynyň edaralarynyň we halkara guramalarynyň Maksatnamanyň ähli bäş ileri tutulýan ugry boýunça alyp barýan işlerini ulgamlaşdyrmaga hem-de yzarlamaga mümkinçilik berýär.
Ählumumy ylalaşyklary anyk milli çärelere geçirmek maksady bilen BMG-niň Ýokary wekiliniň edarasy tarapyndan Awaza Hereketler Maksatnamasyny milli derejede ornaşdyrmak we onuň durmuşa geçirilişine monitoring geçirmek boýunça Gollanma ýörelgeleri hem işlenip taýýarlanyldy. Olar Maksatnamanyň ileri tutulýan ugurlarynyň milli strategiýalara we ösüş meýilnamalaryna girizilmegine, institusional utgaşdyrmagyň pugtalandyrylmagyna, şeýle hem maliýeleşdiriş, monitoring we hasabatlylyk mehanizmleriniň kämilleşdirilmegine ýardam etmäge gönükdirilendir.
Söwda we ulag özara baglanyşygy babatynda hem amaly işler dowam etdirilýär. 2026-njy ýylyň maý aýynda DÇBÖÝ üçin söwda we ulag baglanyşygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen BMG-niň ählumumy maslahaty geçirildi. Şol bir wagtyň özünde, BMG ulgamy degişli pudagara mehanizmleriň üsti bilen Awaza Maksatnamasyny ählumumy, sebit we milli derejelerde durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň utgaşdyrylmagyny dowam etdirýär.
Şeýlelikde, Awazada geçirilen maslahatdan bir ýyl soň, onuň netijeleri Birleşen Milletler Guramasynyň işinde amaly taýdan dowam etdirilýär. Türkmenistanda kabul edilen çözgütler kem-kemden durmuşa geçiriş, monitoring we halkara hyzmatdaşlygy boýunça anyk mehanizmlere öwrülýär.
Türkmenistanyň Ýolbaşçylygynyň DÇBÖÝ bilen bagly meselelere, durnukly ulag ulgamynyň ösdürilmegine we halkara özara baglanyşygynyň pugtalandyrylmagyna yzygiderli üns bermegi bu meseleleriň ählumumy gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda saklanmagyna ýardam edýär. Türkmenistanda geçirilen Konferensiýada güýçli syýasy itergi alan Awaza Hereketler Maksatnamasy häzirki wagtda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň durnukly ösüşiniň we dünýä ykdysadyýetine doly derejede goşulyşmagynyň bähbidine halkara hyzmatdaşlygynyň uzak möhletleýin binýadyny emele getirýär.
