JEMGYÝET

Dzýudo boýunça açyk çempionat geçirildi

Şu ýylyň 30-njy noýabr – 5-nji dekabr aralygynda 2004 – 2006-njy ýylda hem-de 2007-nji ýyldan öň doglan gyzlaryň arasynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Sport mekdebi bilen Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň bilelikde guramagynda zenanlaryň arasynda dzýudo boýunça Aşgabat şäheriniň açyk çempionaty geçirildi.

2007-nji ýyl we aşaky ýyllarda doglan türgenler bäsleşigi

Çekeleşikli geçen ýaryşda 22 kg agramda Aşgabat şäherinden Aýnur Amanowa, Merjen Hajymyradowa (24 kg), 26 kg agramda çykyş eden Mähriban Hajymyradowa, Altyn Sadywakasowa 29 kg, Lebap welaýatyndan gelen türgen Arzuw Muhammedowa 32kg, Aşgabat şäherindenWladislawa Wolýukowa 36 kg, Lebap welaýatyndan wekilçilik eden türgen Nurana Hezretowa 40 kg, +40 ýokary agramda Gülälek Mämmedowa  altyn medala mynasyp boldy.

2004 – 2006-njy doglan türgenler bäsleşigi

Bu  ýaryşda 36 kg agramda Lebap welaýatyndan Rozymeňli Meýmanowa, Daşoguz welaýatyndan gelen Nargiza Bahadyrowa 40 kg, ýene bir lebaply türgen Narjemal Omirowa 44 kg, Aşgabat şäherinden Mahym Rejepowa 48 kg agramda, Aşgabat şäheriniň Başa-baş söweş toplumyndan gatnaşan 55 kg agramda Marýam Wafaýewa, 57 kg agramda Lebap welaýatyndan gelen türgen zenan Raýa Nureddinowa hem-de ýene bir lebaply türgen Aýnura Faýzullaýewa +57 agramlarda altyn medala mynasyp boldular. Ýeňijiler medallar, hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy.

Türgenleri Kim taýýarlady?

Aşgabat şäherli türgenleri :

Margarita Filippowa,  Wioletta Klowýakowa, Tatýana Widýasowa,

Lebap welaýatyndan gelen türgenleri :

Inga Taganowa, Şirin Kubaýewa, Nasiba Hallyýewa,

Daşoguz welaýatyndan gelen türgenleri :

Wenera Ylýasowa

Ýene-de okaň

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Arkadag şäherinde Aziýanyň ösüş banky bilen ähtnama gol çekildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Aziýa ösüş bankynyň wekili Artur Andrisýagy kabul etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Rustam Minnihanow bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Milli Liderimiz yslam döwletlerine ýeke-täk energetika gurşawyny döretmegi teklip etdi

Milli Liderimiz bilen bilen Russiýanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik