SPORT

Portugaliýa bilen Ispaniýa 1/8 finalda duşuşar

Portugaliýanyň ýygyndysy futbol boýunça dünýä çempionatynyň 1/16 finalynda Horwatiýanyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk Kanadanyň Toronto şäherinde geçirildi.

Ýeňijileriň düzüminde gollary Kristiano Ronaldo (68-nji minutda, penalti urgusyndan) we Gonsalu Ramuş (90+4-nji minut) geçirdiler. Bu gol Ronaldo üçin dünýä çempionatlarynyň pleý-off tapgyryndaky ilkinji gol boldy.

Horwatlaryň düzüminde Iwan Perişiç (53-nji minut) tapawutlandy. Duşuşygyň ahyrynda horwatlar hasaby deňlemäge başardylar, emma Ýoşko Gwardiolyň goly ofsaýd sebäpli hasaba alynmady.

Ronaldo duşuşyga başlangyç düzümde çykdy we 81-nji minutda çalşyryldy. Şeýlelikde, ol dünýä çempionatlarynda geçiren oýunlarynyň sany boýunça germaniýaly Lotar Matteusy yzda galdyryp, arassa ikinji orna çykdy. Hüjümçiniň hasabynda 26 oýun bar, ondan köp duşuşyk geçiren ýeke-täk futbolçy bolsa argentinaly Lionel Messi bolup, onuň hasabynda 29 oýun bar.

Mundan başga-da, Ronaldo dünýä çempionatynyň pleý-off tapgyrynda çykyş eden iň uly ýaşly futbolçy boldy. Horwatiýa bilen geçirilen duşuşyk güni onuň ýaşy 41 ýyl 147 gün bolupdy.

Ispaniýanyň futbol ýygyndysy 2010-njy ýyldan bäri ilkinji gezek dünýä çempionatynyň pleý-off tapgyrynda ýeňiş gazandy. 1/16 finalda ispanlaryň Awstriýanyň ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňdi.

1/8 finalda Ispaniýanyň ýygyndysy 6-njy iýulda Portugaliýa bilen oýnar.

Related posts

Mbappe gollarynyň rekordy bilen çempionaty tamamlady

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen “Wilýareal” klubunyň onlaýn duşuşygy

Şaşka ýaryşy metbugat sahypalarynda

Ata Watan Eserleri