Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny doglan güni bilen mähirli gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi.
TRT Haber-iň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Ärdogan Türkiýäniň Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmek ugrunda işlemegini dowam etdirýändigini bildirdi. Türk Lideri: «Biz Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek, hyzmatdaşlygy has ýokary derejä çykarmak we oňa durnukly institut esasyny bermek ugrunda işlemegi dowam etdirýäris» diýip nygtady.
Ärdogan türkmen halkynyň Milli Liderini Türki Döwletleriň Guramasynyň 13-nji sammitine we COP31 howa sammitine gatnaşmaga çagyrdy.
