DÜNÝÄ

Gazagystanyň Prezidenti ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew arassa ganly ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy diýip, “Kazinform” agentligi habar berýär. Ýakynda ahalteke bedewleriniň sany artdy.

Golaýda, Döwlet baştutany Kasym-Žomart Tokaew Prezidentiň Iş dolandyryş müdiriýetiniň atçylyk zawodyna baryp, özüne dürli ýyllarda sowgat berlen atlaryň saklanyş şertleri bilen tanyş boldy.

Gazak Lideri täze dünýä inen taýçanaklara at dakdy. Olaryň birine Akniýet, beýlekisine bolsa Borte diýlip at dakyldy.

Döwlet Baştutany: “Är ýetiler, baş bolar, taý ýetiler, at bolar” diýen halk pähmini mysal getirip, taýçanaklaryň güýçli we ýüwrik bolup ýetişmegini arzuw etdi.

Related posts

Serhet çäklerini kesgitlemek boýunça türkmen-özbek iş toparynyň duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Nikolas Madurany gutlady

Putin 27-29-njy maýda Gazagystanda döwlet saparynda bolar