SIZDEN GELENLER

Medeniýet – halkyň ruhy baýlygy

Medeniýet halkyň taryhyny, ruhy dünýäsini, milli özboluşlylygyny we döredijilik kuwwatyny özünde jemleýän beýik gymmatlykdyr. Garaşsyz Türkmenistanyň ösüşleriniň häzirki döwründe milli medeniýeti ösdürmek, ony täze mazmun bilen baýlaşdyrmak we dünýä ýaýmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Her ýylyň 27-nji iýunynda ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni uly ruhubelentlik bilen bellenilýär. Bu baýram milli medeniýetimizi ösdürmäge, sungatyň dürli ugurlarynda döredijilikli zähmet çekýän adamlaryň hyzmatlaryna hormat goýmagyň aýdyň beýanydyr.

Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek, milli mirasy gorap saklamak we ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýatlarynda häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän medeniýet öýleri, kitaphanalar, muzeýler, teatrlary, sungat mekdepleri we beýleki medeni desgalary gurlup ulanmaga berildi. Bu desgalar halkyň medeni isleglerini kanagatlandyrmak bilen bir hatarda, ýaşlaryň döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmäge hem uly goşant goşýar.

Türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda döreden baý medeni mirasy döwlet tarapyndan aýratyn alada bilen gorag astyna alnyp, ylmy taýdan öwrenilýär we giňden wagyz edilýär. Gadymy taryhy-medeni ýadygärlikleriň durkunyň täzelenmegi, milli däp-dessurlaryň, halk döredijiliginiň, amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklarynyň öwrenilmegi we geljek nesillere ýetirilmegi bu ugurda alnyp barylýan işleriň möhüm bölegidir.

Ýurdumyzda geçirilýän halkara festiwallar, medeniýet günleri, döredijilik duşuşyklary we sergiler türkmen medeniýetiniň dünýä halklary bilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmagyna ýardam berýär. Türkmen saz sungaty, milli tanslar, halk döredijilik däpleri we nusgawy edebiýatymyzyň gymmatlyklary halkara giňişliginde barha giňden ykrar edilýär.

Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy hem türkmen medeniýetiniň ösüşinde aýratyn orun eýeleýär. Onuň watançylygy, agzybirligi, ynsanperwerligi we ahlak päkligini wasp edýän goşgulary häzirki döwürde hem öz ähmiýetini ýitirenok. Şahyryň döredijiligini öwrenmek, wagyz etmek we ýaş nesilleriň arasynda giňden ýaýratmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Medeniýet ulgamynyň möhüm ugurlarynyň biri hem kitaphana işini döwrebaplaşdyrmakdan ybaratdyr. Häzirki zaman maglumat tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy netijesinde kitaphanalaryň mümkinçilikleri giňelip, okyjylara maglumatlary çalt we amatly görnüşde almak şertleri döredilýär. Şeýle hem muzeýlerde saklanýan gymmatly eksponatlar halkymyzyň şöhratly taryhyny we medeni mirasyny giňden açyp görkezýär.

Teatr sungaty, kino, aýdym-saz we şekillendiriş sungaty ugurlarynda döredilýän täze eserler halkymyzyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýar. Döredijilik işgärleriniň yhlasly zähmeti netijesinde milli sungatymyzyň täze üstünlikleri gazanylýar. Olaryň eserlerinde Garaşsyz Watanymyzyň ösüşleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşy, ýaş nesliň arzuw-islegleri çeperçilik taýdan ýokary derejede beýan edilýär.

Medeniýet işgärleri jemgyýetiň ruhy ösüşiniň öň hatarynda durýan döredijilik adamlarydyr. Olar milli gymmatlyklary gorap saklamak, halkymyzyň baý medeni mirasyny geljek nesillere ýetirmek, ýaşlarda watançylyk we ahlaklylyk duýgularyny kemala getirmek ýaly jogapkärli wezipeleri ýerine ýetirýärler. Şonuň üçin hem olaryň zähmeti uly hormata mynasypdyr.

 «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýokary derejede baýram ediljek Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çäreleri milli medeniýetimiziň ösüşleriniň aýdyň beýany bolup durýar. Şu ýylyň 22-27-nji iýuny aralygynda Hazaryň kenaryndaky Balkan welaýatynda ýaýbaňlandyryljak medeni çäreler halkymyzyň ruhy baýlygynyň artýandygyny, ýurdumyzyň medeni ösüş ýolunda täze sepgitlere tarap ynamly öňe barýandygyny görkezýär.

Döwletli-döwranly, ajap eýýamly Diýarymyzda belent sepgitler gazanylyp, toýlarymyz toýlara ulaşýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň toýlanylýan taryhy ýylymyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni türkmen kalbynyň baýramy bolup, halkymyzyň ruhy baýlygyny äleme ýaýýar.

Jemal MUHAMMEDOWA,

Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň

Kitaphanaçylyk işi bölüminiň mugallymy.

Ýene-de okaň

Ylym we bilim arkaly beýik geljege tarap

Aşgabat-arzuwlaryň ak şäheri

Türkmenistan-syýahatçylygyň mekany

Ata Watan Eserleri

Nebitgaz pudagynda geljegi uly hyzmatdaşlyk

Konstitusiýa we Döwlet baýdagy – mukaddes nyşanlarymyz

Nebitgaz pudagynyň batly gadamlary