Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi we kapitany Lionel Messi özüniň altynjy futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar. 38 ýaşly hüjümçiniň Argentinanyň milli ýygyndysynyň 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty üçin yglan eden resmi düzümine girizilendigi habar berildi.
Messi mundan ozal 2006-njy, 2010-njy, 2014-nji, 2018-nji we 2022-nji ýyllardaky dünýä çempionatlaryna gatnaşypdy. 2022-nji ýylda Messi Argentina ýygyndysy bilen birlikde, aýgytly duşuşykda Fransiýanyň milli ýygyndysyny utup, dünýä çempiony bolmagy başarypdy.
Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty 11-nji iýun — 19-njy iýul aralygynda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriler. Argentinanyň milli ýygyndysy Alžir, Awstriýa we Iordaniýa bilen bir toparda çykyş edýär. Häzirki wagtda Argentina bu ýaryşyň çempiony derejesine eýedir.
